- dat
- 1[da:t]Ýardam, kömek soralyp edilýän nala, zeýrenç aňladýan ümlük.∙ Dat! Ördek dost, ýüregim bulanyp, başym aýlanýar. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)∙ Dat! Işimiz gaýtdy! Wah arman, indi gaçara-da maý ýok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, dymyk t çekimsizi açyk d çekimsizine öwrülýär.Meselem dat - dadym, dadyň.◊ dadyna ýetmek — Wagtynda ýetişip, birini kyn, çykgynsyz ýagdaýdan halas etmek.∙ Mert esgerler meniň dadyma ýetdi, Hojaýnym Amany aldy-da gitdi. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)◊ dat etmek — Zeýrenmek, nala etmek.2[da:t]Naharyň we ş. m. lezzetli tagamy.∙ Arryk etiň dady ýok.Ýazuw düzgüni: Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, dymyk t çekimsizi açyk d çekimsizine öwrülýär.Meselem dat - dadym, dadyň.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.